AC1715 Ulanyjy gollanmasy
Mazmuny 1 Möhüm ������������������������������������������������������������������������������������ 2 2 Howany arassalaýjyňyz ������������������������������������������������������� 5 3 Başlamak ��������������������������������������������������������������������������������� 7 4 Howany arassalaýjyny ulanmak ���������������������������������������� 9 5 Arassalamak we abatlamak ���������������������������������������������13 6 7 8 Ammarda saklamak �������������������������������������������
1 Möhüm Howpsuzlyk Enjamy ulanmazdan ozal şu ulanyjy gollanmasyny üns bilen okaň we ony geljekde gollanmak üçin saklaň. Iň oňat öndürijiligi üpjün etmek çin arassalaýjyňyzyň iň täze wersiýa beýgeldilendigine göz ýetiriň. Air+ programmasynyň üsti bilen beýgeldip bilersiňiz. Howp • Tok urmagynyň ýa-da ýangynyň döremeginiň öňüni almak üçin enjamy suw ýa-da islendik başga bir suwuklyk ýa-da (ýanyjy) arassaçylyk serişdesi bilen arassalamaň.
Howa çykalgasyndan nätanyş jisimleriň enjamyň içine gaçmaýandygyna göz ýetiriň. • Standart WiFi interfeýsi 802.11b/g/n, 2,4 GHz tizlige esaslanyp, aňryçäk çykyş güýji 100 mW EIRP bolup durýar. • Bluetooth wersiýasy 5.0 (LE) 10 mWt-dan az EIRP çykyş güýji bilen 2,4 GHz ýygylykda. Seresap boluň • Bu enjam adaty howalandyryş ulgamynyň, tozan sorujynyň ýa-da nahar bişirilýän wagty ulanylýan howa sowujynyň ýa-da ýelpewajyň ornuny tutmaýar.
• • • • • Enjamy gazly enjamlaryň, ýyladyjy enjamlaryň ýa-da ojaklaryň golaýynda ulanmaň. Enjamy başga ýere geçireniňizde, arassalanyňyzda, süzgüji çalşyranyňyzda ýa-da onda başga abatlaýyş işlerini geçireniňizde elmydama enjamy elektrik rozetkasyndan aýryň. Enjam diňe adaty iş şertlerinde öý hojalygynda ulanmak üçin niýetlenilýär. Enjamy çygly gurşawlarda ýa-da hammam, hajathana ýada aşhana ýaly daşky gurşawyň temperaturasy ýokary bolan ýerlerde ulanmaň.
2 Howany arassalaýjyňyz Satyn almagyňyz bilen gutlaýarys we Philips dünýäsine hoş geldiňiz! Philips tarapyndan hödürlenilýän goldawdan doly peýdalanmak üçin önümiňizi www.philips.com/welcome salgysynda bellige aldyryň.
Dolandyryş elementlerine umumy syn Dolandyryş düwmeleri Çyrany ýakýan / öçürýän düwme Enjamy açýan / öçürýän düwme Iş tertibini geçiriş düwmesi Displeý paneli 6 TK Wi-Fi görkezijisi Awto tertibi Tizlik 1 Tizlik 2 Turba iş tertibi Uky tertibi PM2.
3 Başlamak Süzgüji gurnamak Birinji gezek ulanmazdan ozal süzgüjiň ähli gaplama materiallaryny aýryň. Bellik: Süzgüji gurnamazdan ozal howany arassalaýjynyň elektrik dürtgüjiniň elektrik rozetkasyndan aýrylandygyna göz ýetiriň. 1 1 2 3 4 5 2 4 3 5 Arka örtügini çekiň we ony enjamdan aýryň. Süzgüji enjamdan çekip çykaryň. Howany arassalaýjy süzgüjiň ähli gaplama materiallaryny aýryň. Süzgüji enjamdaky ýerine dakyň. Arka örtügini ýerine dakyň.
Elektrige birikdirmek Bellik: Tok urmak howpy! Üýtgeýän tok elektik kabeliniň dürtgüjini rozetkadan aýranyňyzda hemişe dürtgüji rozetkadan çekiň. Hiç haçan kabelden çekmäň. Elektrik laýyklaýjysyny: • Ilki bilen enjamdaky tok rozetkasyna dakyň. • Soňra diwardaky rozetka dakyň. Wi-Fi birikmesi Wi-Fi birikmesini birinji gezek sazlamak Philips “Air+”programmasyny App Store ýa-da Google Play dükanyndan göçürip alyň we gurnaň.
Wi-Fi birikmesini nol etmek Bellik: • Deslapky ulgamyňyz üýtgände Wi-Fi birikmesini nol ediň. 1 Howany arassalaýjynyň elektrik dürtgüjini elektrik rozetkasyna dakyň we howany arassalaýjyny açmak üçin basyň. 2 Sesli duýduryşy eşidýänçäňiz düwmesini 3 sekuntlap basyp saklaň. » Howany arassalaýjy jübütleýiş tertibine geçýär. » Wi-Fi görkezijisi mämişi reňkde ýanyp-öçýär. 3 "Wi-Fi birikmesini birinji gezek sazlamak" bölümindäki 3-4 ädimleri ýerine ýetiriň.
PM2.5 AeraSense sensor tehnologiýasy Howanyň hilini howadaky bölejikleriň çalaja üýtgemegini PM2.5 görkezýän çyranyň hem anyklaýar we çaltlyk bilen jogap derejesi reňki berýär. Ol size hakyky wagtly PM2.5 maglumatyny üpjün edýär. ≤12 Gök Ýapyk binalardaky howany hapalaýjylaryň 13-35 Gök-Mawy aglaba bölegi PM2.5 çägine girýär – ol 36-55 Mawy-Gyzyl 2,5 mikrometrden has kiçi howany hapalaýjy bölejikleri aňladýar.
Howany arassalaýjyny öçürmek üçin düwmesini 3 sekuntlap basyp saklaň. Bellik: Eger arassalaýjy ÖÇÜRILENINDEN soň elektrik rozetkasyna dakylgy galsa, howany arassalaýjy gaýtadan AÇYLANYNDA ozalky sazlamalar bilen işlär. 3 Iş tertibini üýtgetmek Düwmesine basmak arkaly Awto tertibini, Tizlik 1, Tizlik 2, Turbo tertibini ýa-da Uky tertibini saýlap bilersiňiz. Awto tertibi ( ): Howany arassalaýjy daşky gurşawdaky howanyň hiline görä ýelpewajyň tizligini awtomatik usulda sazlaýar.
Displeý görkezijisini geçirmek Bellik: Enjam deslapdan sazlanan görnüşde PM2.5 derejesini görkezýär. • Displeý görkezijisini IAI/PM2.5 arasynda birinden beýlekisine geçirmek üçin düwmesini 3 sekuntlap basyp saklaň. 3s 3s Çyrany ýakýan/öçürýän funksiýany ulanmak Ýagtylyk datçigi bilen dolandyryş paneli daşky gurşawyň ýagtylygyna laýyklykda awtomatik usulda ýanyp, öçüp ýa-da solak ýanyp bilýär. Daşky gurşaw garaňky wagty dolandyryş paneli öçürilen bolar ýa-da solak ýanar.
5 Arassalamak we abatlamak Bellik: • Arassalamazdan ozal enjamyň dürtgüjini elektrik rozetkasyndan aýryň. • Enjamy hiç haçan suwa ýa-da başga islendik bir suwuklyga çümdürmäň. • Enjamyň islendik bölegini ulanmak üçin agardyjy ýa-da spirt ýaly iýiji, güýçli ýada ýanyjy arassaçylyk serişdelerini ulanmaň. • Süzgüji arassalamak üçin hiç haçan suwuklyklary (suw hem şoňa degişli) ulanmaň. • Bölejik datçigini tozan sorujy bilen arassalamaga synanyşmaň.
Bölejik datçigini arassalamak Enjamyň iň oňat öndürijiligi üçin bölejik datçigini 2 aýdan bir arassalaň. Bellik: • Howany arassalaýjy tozanly gurşawda ulanylýan bolsa, ony has ýygy-ýygydan arassalamaly bolup biler. • Otagdaky çyglylygyň derejesi aşa ýokary bolsa, howa bölejik datçiginiň üstünde suwa öwrülip biler we howanyň hili oňat hem bolsa howanyň hilini görkezýän çyra howanyň hili ýaramaz diýip görkezip biler. Şeýle ýagdaý ýüze çyksa, bölejik datçigini arassalaň.
Howany arassalaýjyny öçüriň we elektrik dürtgüjini elektrik rozetkasyndan aýryň. 1 2 3 4 Arka örtügini çekiň we ony enjamdan aýryň. Süzgüji enjamdan çekip çykaryň. Süzgüjiň ýüzüni tozan sorujy bilen arassalaň. Süzgüji enjamdaky ýerine dakyň. Arka örtügini ýerine dakyň. Howany arassalaýjynyň elektrik dürtgüjini elektrik rozetkasyna dakyň. 8 Enjamy açmak üçin düwmesine basyň. 9 Süzgüji arassalamaga galan wagty nol etmek üçin we düwmelerini 3 sekuntlap basyp saklaň.
Süzgüji çalyşmak Bellik: • Süzgüji ýuwup ýa-da gaýtadan ulanyp bolmaýar. • Süzgüçleri çalyşmazdan ozal elmydama howany sowadyjyny öçüriň we onuň dürtgüjini elektrik rozetkasyndan aýryň. 1 Süzgüjiň ýagdaýy barada duýduryş çyrasy Hereket Süzgüji çalşyrmak barada duýduryş çyralary ýanýar NanoProtect süzgüji çalyşmak (FY1700/30) Howany arassalaýjyny öçüriň we elektrik dürtgüjini elektrik rozetkasyndan aýryň. 2 3 4 5 Arka örtügini çekiň we ony enjamdan aýryň. Süzgüji enjamdan çekip çykaryň.
Süzgüji nol etmek Süzgüji çalşyrmak barada duýduryş ( ) ekranda görkezilmänkä süzgüji çalşyryp bilersiňiz. Süzgüji çalşyranyňyzdan soň süzgüjiň iş ömrüni hasaplaýjyny elde nol etmeli bolarsyňyz. 1 Enjamy öçürmek üçin düwmesini 3 sekuntlap basyp saklaň we elektrik dürtgüjini elektrik rozetkasyndan aýryň. 2 3 + 3s 2 3 Elektrik dürtgüjini rozetka dakyň. Açylanyndan soň süzgüjiň hyzmat ömrüni hasaplaýjyny nol etmek üçin 15 sekundyň içinde we düwmelerini 3 sekuntlap basyp saklaň.
7 Meseleleri anyklamak we çözmek Bu bölümde enjamda öňüňize çykyp biljek umumy meseleler barada gysgaça maglumat berilýär. Meseläni aşakda berlen maglumatlar bilen çözüp bilmeseňiz, ýurduňyzdaky Müşderiler bilen işleşmek boýunça merkeze ýüz tutuň. Näsazlyk Ähtimal çözgüdi Enjam göwnejaý işlemeýär. • Süzgüji çalşyrmak barada duýduryş dowamly berlendigine garamazdan degişli süzgüji çalşyrmansyňyz. Şonuň netijesinde indi enjam gulplanypdyr.
Näsazlyk Ähtimal çözgüdi Howanyň hilini görkezýän çyra elmydama şol bir reňkde ýanýar. • Bölejik datçigi hapa. Bölejik datçigini arassalaň (“Arassalamak we abatlamak” bölümine serediň). Enjamdan birgeňsi ys çykýar. • Enjamy birinji gezek ulananyňyzda ondan plastmassanyň ysy çykýar. Bu adaty ýagdaýdyr. Emma, hatda süzgüçleri aýrylanynda hem enjamdan ýanyk ysy çykýan bolsa, Philips dileriňize ýa-da ygtyýarly Philips hyzmat ediş merkezine ýüz tutuň.
Näsazlyk Ähtimal çözgüdi • • • • Wi-Fi gurnamasy şowsuz. • • • • • 20 TK Arassalaýjy enjamyňyzyň birigen routeri iki ýygylykda işleýän bolsa we ol häzirki wagtda 2.4Ghz ulgamyna birikmeýän bolsa, şol bir routerdäki başga bir zolaga (2.4Ghz) geçiriň we arassalaýjyňyzy jübütlemäge gaýtadan synanyşyň. 5Ghz ulgamlary goldanylmaýar. Internet tassyklaýyş ulgamlary goldanylmaýar. Arassalaýjy enjamyň Wi-Fi routeriniň signallarynyň tutýan çägindedigine göz ýetiriň.
8 Kepillik we goldaw Versuni bu məhsulu satın aldıqdan sonra iki il zəmanət təqdim edir. Səhv istifadə və ya zəif texniki qulluq nəticəsində qüsur yaranarsa, bu zəmanət etibarlı deyil. Bizim zəmanətimiz qanuna uyğun olaraq istehlakı kimi hüquqlarınıza təsir göstərmir. Daha ətraflı məlumat əldə etmək və ya zəmanətlə bağlı müraciət etmək üçün www.philips.com/support saytına daxil olun. Ätiýaçlyk şaýlary ýa-da kömekçi enjamlary sargyt etmek Bir şaýy çalşyrmaly bolsaňyz ýa-da goşmaça bir şaý almak isleseňiz.
"Philips" we "Philips" Galkanly Gerbi "Koninklijke Philips N.V." kompaniýasynyň bellige alnan söwda markalary bolup, olar lisenziýa esasynda ulanylýandyr. Bu önüm "Versuni Holding B.V" kompaniýasy tarapyndan öndürilýär we onuň jogapkärçiliginde ýerlenýär. "Versuni Holding B.V" kompaniýasy bu önümiň kepillendirijisi bolup çykyş edýär. 2023 © Versuni Holding B.V. AC1715_user manual_v1.