User manual

Table Of Contents
539
Türkmençe
Bellik: Dürli modelleriň aýratynlyklary dürlüçe bolup
bilýär. Käbir modeller Bluetooth ýa-da NFC bilen
enjamlaşdyrylmadyk bolup biler.
Önümde şu aşakdaky simwollaryň görünmegi mümkin:
Operatoryň Gollanmasyny okaň.
Dakylýan tok beriş blogy:“xxxxxx” ulanylmak üçin
tassyklanylan zarýadnikleriň model belgisini görkezýär.
(TCBxxxx, HX6100, HX6110, HX6160 ýa-da WAAxxxx)
Niýetlenilýän ulanyş
ProtectiveClean elektrikli diş çotgalary dişiň çüýremegini
azaltmak we agyz saglygyny saklamak maksady bilen,
dişlerdäki daşy hem-de iýmit galyndylaryny aýyrmaklyga
niýetlenilýär. ProtectiveClean elektrikli diş çotgalary şahsy
maksat bilen ulanmaklyga niýetlenilýär. Çagalaryň
ulanmagy ulularyň gözegçiligi astynda bolmalydyr.
Philips Sonicare enjamyňyz (Şek. 1.)
1 Tutawaç
2 Aç/öçür düwmesi
3 Nasadkany çalşyrmagy ýatladyş
4 Batareýa görkezijisi
Esbaplar:
5 Nasadka gapajygy
6 Akylly nasadka(lar)
7 Zarýad beriş bazasy
8 Syýahat çeholy
9 Ultramelewşe dezinfektor we zarýadnik
Bellik: Esbaplar satyn alnan modele görä dürlüçe bolup
biler.