User manual

Table Of Contents
543
Türkmençe
Ýygjamlyk derejelerini üýtgetmek üçin:
- Diş çotgasyny işletmek üçin, aç/öçür düwmesini bir
gezek basyň.
- Ýygjamlygy üýtgetmek üçin, 2 sekundyň içinde ikinji
gezek basyň.
- Sägindirmek üçin, 2 sekundyň içinde üçünji gezek
basyň.
- 2 sekunt çotgalanyňyzdan soň, aç/öçür düwmesini
gaýtadan bassaňyz, diş çotgasy hem säginer.
BrushSync tehnologiýasy
BrushSync tehnologiýasy nasadkanyň mikroçip ulanýan
tutawaç bilen aragatnaşyk etmegine mümkinçilik berýär.
Nasadkanyň aşagyndaky simwoly onuň şu tehnologiýa
bilen enjamlaşdyrylandygyny görkezýär.
BrushSync tehnologiýasy şu mümkinçiligi berýär:
- Nasadkany çalşyrmagy ýatladyş
Philips Sonicare size BrushSync tehnologiýasy bar bolan
köp dürli akylly nasadkalary hödürleýär. Diş çotgasy
nasadkalarynyň doly assortimentine göz gezdirmek we
özüňize iň laýyk nasadkany tapmak üçin, goşmaça
maglumat alar ýaly www.philips.com/toothbrush-
heads salgysyna gidiň.
Aýratynlyklar
- Basyş sensory seslenmesi
- QuadPacer
- SmarTimer
- EasyStart
- Nasadkany çalşyrmagy ýatladyş
Basyş sensory seslenmesi
Sonicare diş çotgaňyz diş etleriňizi we dişleriňizi zeperden
goramak üçin, çotgalaýan wagtyňyz ulanýan basyşyňyzy
ölçeýär.