User manual

Table Of Contents
545
Türkmençe
Nasadkany çalşyrmagy ýatladyş
Philips Sonicare-iňiz nasadkanyň könelmegini yzarlaýan
BrushSync tehnologiýasy bilen üpjün edilendir.
Bellik: Bu aýratynlyk diňe BrushSync tehnologiýasy bar
bolan Philips Sonicare akylly nasadkalarynda işleýär.
1
Täze akylly nasadkany birinji gezek dakanyňyzda,
tutawaç sizde BrushSync tehnologiýaly Philips
nasadkasynyň bardygyny tanaýar we nasadkanyň
könelmegini yzarlamaga başlaýar.
2
Wagtyň geçmegi bilen, ulanýan basyşyňyz we
nasadkany ulanan jemi wagtyňyz esasynda, tutawaç
nasadkany çalşyrmagyň amatly wagtyny kesgitlemek
üçin, onuň könelmegini yzarlaýar. Bu aýratynlyk
dişleriňize iň gowy arassalamagy we idegi üpjün
etmekligi kepillendirýär.
3
Nasadkany çalşyrmagy ýatladyş çyrasy sary reňkde
ýananda, nasadkany çalşyrmagyňyz gerek.
Ähli akylly nasadkalar nasadkany çalşyrmagy ýatladyş
aýratynlygy işjeňleşdirilgi görnüşde gelýär. Nasadkany
çalşyrmagy ýatladyşy deaktiwirlemek üçin,
“Aýratynlyklary işjeňleşdirmek ýa-da deaktiwirlemek”
bölümine serediň.
Aýratynlyklary işjeňleşdirmek ýa-da deaktiwirlemek
Diş çotgaňyzyň şu aşakdaky aýratynlyklaryny işjeňleşdirip
ýa-da deaktiwirläp bilersiňiz:
- EasyStart
- Nasadkany çalşyrmagy ýatladyş
- Basyş sensory seslenmesi
Bellik: Nasadkany çalşyrmagy ýatladyşy diňe akylly
nasadka tutawaja dakylgy wagty işjeňleşdirip ýa-da
deaktiwirläp bilersiňiz.
Ädim 1: Tutawajy toga dakylgy zarýadnigiň üstüne ýerleşdiriň.
Ädim 2: Aç/öçür düwmesini şunça wagt basyp saklaň: