User Guide

Table Of Contents
586
Türkmençe
Nasadkany çalşyrmagy ýatladyş
Philips Sonicare-iňiz nasadkanyň könelmegini yzarlaýan
BrushSync tehnologiýasy bilen üpjün edilendir.
Bellik: Bu aýratynlyk diňe BrushSync tehnologiýasy bar
bolan Philips Sonicare akylly nasadkalarynda işleýär.
1
Täze akylly nasadkany birinji gezek dakanyňyzda,
tutawaç sizde BrushSync tehnologiýaly Philips
nasadkasynyň bardygyny tanaýar we nasadkanyň
könelmegini yzarlamaga başlaýar.
2
Wagtyň geçmegi bilen, ulanýan basyşyňyz we
nasadkany ulanan jemi wagtyňyz esasynda, tutawaç
nasadkany çalşyrmagyň amatly wagtyny kesgitlemek
üçin, onuň könelmegini yzarlaýar. Bu aýratynlyk
dişleriňize iň gowy arassalamagy we idegi üpjün
etmekligi kepillendirýär.
3
Nasadkany çalşyrmagy ýatladyş çyrasy sary reňkde
ýananda, nasadkany çalşyrmagyňyz gerek.
Bellik: Ähli akylly nasadkalar nasadkany çalşyrmagy
ýatladyş aýratynlygy işjeňleşdirilgi görnüşde gelýär.
Nasadkany çalşyrmagy ýatladyşy deaktiwirlemek üçin,
“Aýratynlyklary işjeňleşdirmek ýa-da deaktiwirlemek”
bölümine serediň.
Nasadka tertibi jübütlemesi
BrushSync tehnologiýasy bar bolan nasadkalar tutawaç
bilen aragatnaşyk edýän hem-de ony maslahat berilýän
tertip we ýygjamlyk bilen jübütleýän mikroçip bilen
enjamlaşdyrylandyr.
Bellik: Eger tertipleri/ýygjamlygy üýtgetseňiz, nasadka iň
soňky ulanylan sazlamany ýadynda saklar.
Aýratynlyklary işjeňleşdirmek ýa-da deaktiwirlemek
Diş çotgaňyzyň şu aşakdaky aýratynlyklaryny işjeňleşdirip
ýa-da deaktiwirläp bilersiňiz:
- EasyStart
- Nasadkany çalşyrmagy ýatladyş
- Basyş sensory seslenmesi