User Guide

Table Of Contents
593
Türkmençe
Mesele Ähtimal sebäbi Çözgüdi
Diş çotgama zarýad
berdim, ýöne ol diňe
sähelçe wagt işleýär.
Diş çotgasynyň tutawajy
zarýadnikde dik
goýulmadyk, şonda ol
zarýad almaýar.
Tutawajy zarýadnigiň
bazasynda dik goýuň
we zarýadnigi toga
dakyň.
Diş çotgasy işlemegini
bes edýär.
Batareý çöken. Diş çotgasynyň
tutawajyna zarýadnikde
zarýad beriň.
Model belgisiniň ýerini tapmak
Model belgisi (HX99XX) üçin Philips Sonicare diş
çotgasynyň tutawajynyň aşagyna serediň.
Kepillik we goldaw
Maglumat ýa-da goldaw gerek bolsa,
www.philips.com/support salgysyna giriň ýa-da halkara
kepillik hatyny okaň.
KEPILLIK ÇÄKLENDIRMELERI
Kepillige degişli däl zatlar:
- Çotga nasadkalaryny we irrigator nasadkalaryny öz
içine alýan agyz nasadkalarynda.
- Ygtyýar berilmedik ätiýaçlyk şaýlaryň ýa-da ygtyýar
berilmedik çotga nasadkalarynyň ulanylmagy sebäpli
ýüze çykan zeper.
- Nädogry ulanmaklyk, maksadyna laýyk ulanylmazlyk,
geleňsizlik, modifikasiýalar ýa-da ygtyýar berilmedik
abatlama sebäpli ýüze şykan zeper.
- Adaty könelme, şol sanda jaýryklar, çyzyklar, iýilmeler,
reňkiň üýtgemegi ýa-da solmagy.
Gaýtadan işlemek
- Bu nyşan elektrikli önümleri we batareýleri adaty
hojalyk zibilleri bilen bilelikde zibile zyňmak
bolmaýandygyny aňladýar.
- Elektrikli önümleri we batareýleri aýratynlykda
ýygnamak boýunça öz ýurduňyzyň düzgünlerini
berjaý ediň.